Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň arasyndaky (U-20) Aziýanyň kubogy - 2023-iň bijeleri çekiler

03:1520.05.2022
0
5351

Aziýanyň Futbol kofederasiýasy özüniň resmi saýtynda 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyry üçin bijeleriň 24-nji maýda Kuala-Lumpur şäherinde çekiljekdigini habar berdi. Bije çekişligiň göni ýaýlymy şol gün Aşgabat wagty bilen 13:00-da başlanar.

Bije çekişlige 44 ýygyndy gatnaşar. Olar her biri dört ýygyndydan alty, her biri bäş ýygyndydan dört toparça bölünerler. Saýlama duşuşyklar bir aýlaw görnüşinde geçiriler. Olara şu ýylyň 10-njy sentýabrynda badalga berip, 18-nji sentýabrynda tamamlamak meýilleşdirilýär. 10 toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň iň gowy bäşisi 2023-nji ýýylda Özbegistanda geçiriljek yklym çempionatyna gatnaşar. Elbetde, jemleýji ýaryşyň 16-njy wekili ýer eýeleri bolar.

Saýlama duşuşyklar sebitleýin görnüşde geçirilmez diýip, çeşme habar berýär.

Bije çekişlige dördünji torbadan gatnaşýan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Singapur, Gündogar Timor, Maldiwler, Bruneý, Şri-Lanka we Nepal bilen bir toparçada ýaryşmaz.

2023-nji ýylda Özbegistanda geçiriljek yklym ýaryşynyň iň gowy dört ýygyndysy ýene-de şol ýyl Indoneziýada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň