«Turkmenportalda» habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna sapar bilen bardy. Saparynyň çäklerinde şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Kazan şäherinde Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Tatarystan Respublikasynyň resmi wekilleri hem gatnaşdy.
«Kazan-Expo» saýtynda habar berlişi ýaly, taraplar maslahatyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň bilen baglylykda, türkmen bazarynda rus işewürleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalara garaldy. Ministr Maksim Reşetnikow rus kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky ähli maýa goýum taslamalarynyň öz wagtynda durmuşa geçiriljekdigini belledi.
«Russiýa — Yslam dünýäsi:KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitiniň çäginde geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli başga-da käbir meseleler boýunça pikir alşyldy.
Şeýle-de, okaň!