Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana sapary başlandy

12:4319.05.2022
0
9435

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy. Bu barada tatar Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowy «Kazan» Halkara howa menzilinde Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow garşylady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saparyň dowamynda XIII Halkara ykdysady sammitine — «Russiýa — Yslam dünýäsi:KazanSummit 2022» gatnaşar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, işewürlik duşuşyklarynyň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşygy bolar.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň