Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Aýyň topragynda ösümlik ösdürip ýetişdirdiler

12:1515.05.2022
0
1393
Alymlar Aýyň topragynda ösümlik ösdürip ýetişdirdiler
Surat: trend.az

Alymlar ilkinji gezek baryp “Apollon-11” kosmos gämisinde astronawtlaryň getiren Aý topragynda ösümlik ýetişdirdiler diýip, Associated Press habar berdi. Bu barada Trend habarlar gullugy ýazýar.

Ýagny ABŞ-nyň Florida ştatynyň uniwersitetiniň Azyk we oba hojalyk institutynyň alymlar topary Aýyň topragyna haşal güli oturtdylar. Toprak Nil Armstrong, Bazz Oldrin we beýleki astronawtlar tarapyndan “Apollon-11” gämisinde getirilipdir. Ähli tohumlar gögeriş aldy.

Synagyň birinji hepdesinden soňra Aý topragynyň kiçijik gülli haşal ösümligiň ösüşine güýçli täsir edip, olar zeminiň topragynda ýetişdirilen haşal güllerden ösüşini haýalladypdyrlar.

Netijede, sap Aý topragyna ekilen güller pes boýly bolupdyr.

Synagyň netijeleri “Communications Biology” žurnalynda çap edildi.

“Bu öňe tarap uly ädimdir. Indiki maksat— ösümligi Aýyň üstünde ekip ýetişdirmekden ybarat” diýip, synaga gatnaşyjylaryň biri aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň