Serdar Berdimuhamedow sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna nägilelik bildirdi

21:4713.05.2022
0
7288
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna nägilelik bildirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ozal berlen tabşyryga laýyklykda, onuň gün tertibiniň esasy meselesi sanly ulgam bilen baglanyşykly boldy.

Döwlet Baştutany wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşydyrlyşy baradaky hasabatlaryni diňledi we degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Türkmenistanda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna gözegçilik edýän ýolbaşçy hökmünde alyp barýan işine nägilelik bildirip, oňa käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi hem-de işi talabalaýyk derejede ýola goýmagy talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň