Türkmenistanda I Açyk halkara internet bäsleşigi badalga aldy

21:3811.05.2022
0
3557

Şu gün — 11-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça I Açyk halkara internet bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

I Açyk halkara internet bäsleşigine dünýäniň 15 ýurdundan 58 sany ýokary okuw mekdebiniň, şeýle hem Türkmenistanyň tehniki ugurly 13 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşýar.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň maý aýynyň 11-14-i aralygynda dowam eder. Belläp geçsek, halkara bäsleşik şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň