Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň futzal boýunça klublaýyn çempionaty ýatyryldy

18:3708.05.2022
0
7725

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy şu ýyl Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen futzal boýunça Aziýanyň klublaýyn çempionatynyň ýatyrylandygyny habar berdi.

Taraplar ýaryşy ýatyrmak kararyna geldiler diýip, AFK-nyň resmi saýty ýazýar.

Edil şu ýaryş 2020-nji we 2021-nji ýyllarda hem ýatyrylypdy.

Aslynda, bu ýaryş Aziýanyň iň güýçli futzal klublarynyň arasynda her ýyl geçirilýärdi. AFK ýaryşy 2010-njy ýylda geçirip başlady. Oňa AFK-nyň reýtinginde ilkinji 16 orny eýeleýän döwletleriň çempionlary gatnaşýar.

Eger ýaryş geçirilen bolsa, oňa Türkmenistandan geçen möwsümiň çempiony «Deňizçi» futzal topary wekilçilik etmelidi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň