21 ýaşly türkmenistanly ýarym goragçy Kerim Nuryýew Belarusyň «Bumprom» futbol topary bilen şertnamasyny täzeledi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.
Täze şertnama 2022-nji ýylyň ahyryna çenli hereket eder.
«Bumpromda» geçen ýyldan bäri futbol oýnaýan ildeşimiz bu ýerdäki ilkinji we ýeke-täk daşary ýurtly futbolçydyr. Ol geçen möwsümde 14 duşuşykda 376 minut oýnap, 1 gol geçirdi.
Kerim Nuryýew Türkmenistanda «Merwde» futbol oýnapdy.
«Bumprom» Gomel şäheriniň Belarusyň çempionatynyň Ikinji ligasynda çykyş edýän profesional futbol toparydyr. Topar 2016-njy ýylyň 1-nji fewralynda esaslandyryldy. 2021-nji ýylda bolsa topar aýratyn ýuridiki tarap hökmünde futbolçylar bilen ilkinji şertnamalaryny baglaşyp başlady. Topar Ikinji liganyň Gomel sebitinde ikinji orny eýeledi.