Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň Gresiýadaky dünýä çempionatynda çykyş etjek günleri belli boldy

11:4803.05.2022
0
6703

Ozal habar berşimiz ýaly, ildeşlerimiz Heraklionda (Gresiýa) Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriliýän dünýä çempionatyna gatnaşýar.

Oglanlaryň arasynda agyr atletikaçylarymyzyň çykyş etjek güni belli boldy. Bu barada «Türkmensport» habar berdi.

  • Bektimur Reýimow we Gaýgysyz Töräýew 73 kg-de çykyş edip, olaryň bäsleşigi 5-nji maýda, Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar.
  • Ýazmämmet Annalyýew 81 kilogramda çykyş edip, ol 8-nji maýda, Aşgabat wagty bilen 21:00-da öz çykyşyna başlar.
  • 109 kg-den ýokary agramda çykyş edýän Atajan Daýyýew 10-njy maýda bäsleşer. Bäsleşik Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlar.

Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty 2 — 10-njy maý aralygynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň