Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly geçiriler

11:0403.05.2022
0
7038

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, şeýle-de orta mekdepleriň okuwçylaryny ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, festiwal 2022-nji ýylyň 16-njy maýyndan 21-nji maý aralygynda geçiriler. Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň inžener-tehniki we dizaýner başarnygy bar bolan wekiller festiwala özbaşdak hem-de toparyň düzüminde gatnaşyp bilerler. Her toparyň düzümi 5 adamdan köp bolmaly däl. Hödürlenen taslama gatnaşyjynyň özi ýa-da halypalaryň ikisiniň gatnaşmagy bilen ýerine ýetirilen bolup biler.

Festiwal dört ugur boýunça geçirilýär:

  • modelleri düzmek we konstruktirlemek;
  • inženerçilik işläp düzmeler;
  • robototehnikalar we emeli intellekt;
  • programmirleme.

Hödürlenýän taslamalaryň netijeliligi aşakdaky ugurlar boýunça kesgitlener:

  • taslamalaryň ylmylygy, düşnükliligi we taslama berilýän düşündürişiň esaslandyrylyşy;
  • taslamanlaryň ýerine ýetirilişiniň özbaşdaklygy we çylşyrymlylyk derejesi;
  • tehniki we tehnologiki çözgütleriň gutarnyklylygy;
  • taslamalaryň özboluşlylygy we estetiki sypatlandyrylyşy.

Festiwala gatnaşmaga isleg bildirýänler arzanyň görkezilen görnüşini dolduryp, tdbgi.festiwal@gmail.com salga ugradyp, şol ýerde hasaba alnyp bilerler. Festiwala hödürlenjek işler şu salga 10-njy maýa çenli iberilmelidir we olar hakyndaky maglumatlar wideoşekiller bilen ugradylmalydyr. Gelip gowşan taslamalar guramaçylar tarapyndan deslapky barlagdan geçiriler.

Festiwalyň jemi boýunça orta okuw mekdeplerinden her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 5 sany we ýokary okuw mekdeplerinden 3 sany iş saýlanyp gowy diýlip yglan ediler. Ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara dürli derejeli diplomlar we baýraklar garaşýar.

Festiwal baradaky doly maglumatlar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň tdbgi.edu.tm/ saýtynyň «Bildirişler» bölüminde doly görkezilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň