Türkmenistanyň Prezidenti Awazada dynç alşy guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy

01:1530.04.2022
0
1828

29-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentine maglumat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hormatly Prezident hasabaty diňläp, tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de geçirilen işler barada Hökümetiň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň