Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kärhanasy «Sarayan» haryt nyşanly ýörite iş egin-eşiklerini tikmek hyzmatyny ýerine ýetirýär

09:4025.04.2022
0
7171

«Sarayan» hojalyk jemgyýeti iýmit önümçiliginde we jemgyýetçilik iýmit üpjünçilik nokatlarynda, saglygy goraýyş edaralarynda, gurluşyk, nebit we gaz, ulag ulgamy, oba hojalyk kärhanalary ýaly dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärler üçin ýörite iş egin-eşiklerini hödürleýär.

Bu ýerde geýimler gabardin, kreton we beýleki dürli galyňlykdaky ýokary hilli materiallardan taýýarlanylýar. Kärhananyň sehleri döwrebap tikinçilik enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýle-de «Sarayan» egin-eşikleriniň uzak möhlete hyzmat etmegi üçin olaryň tikinçilik işlerinde ýokary hilli furnituradan we aksessuarlardan peýdalanylýar.

Häzirki wagtda «Sarayan» haryt nyşanly geýimleriň tapawutly we kepillikli aýratynlyklaryna Türkmenistandaky «Vinci», «Zeppelin», «Çalik Enerji», «Ariston», «Coca-cola», Deňiz söwda floty ýaly belli kärhanalar hem-de «Türkmen Senet», «Seda», «Ýigit», «Degirmen Topary», «Oguz Ýol», «Eýwan Mebel», «Ak Toprak», «NUR», «Mylaýym», «Beýik Ýüpek Ýoly», «Türkmen Enjam» ýaly hojalyk jemgyýetleri ýokary baha berýärler.

Kärhana satyn alnan harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine eltip berýär we hemişelik müşderileri üçin has amatly arzanladyş hyzmatyny üpjün edýär.

«Sarayan» kärhanasy dürli pudaklarda işleýän hünärmenler üçin ýörite iş geýimlerini yzygiderli öndürmekden başga-da, sargytlar esasynda müşderileriň islegini nazarda tutup, egin-eşiklere degişli kärhanalaryň nyşanlaryny we ýazgylaryny ýerleşdirýär.

Mundan başga-da, kärhana möwsümleýin iş egin-eşikleri boýunça sargytlary kabul edýär. Bu babatda kärhana häzir tomus möwsümi üçin niýetlenen geýimleriň sargytlaryny ýerine ýetirýär.

Kärhanada iş tejribesi we başarnyklary üçin dürli ýyllarda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler zähmet çekýär. Kärhana önümlerini dürli derejede geçirilýän köpçülikleýin görkezme çärelerinde we sergilerde yzygiderli tanyşdyrýar.

«Sarayan» hojalyk jemgyýetinde bir ýylda 20 müň sany ýörite niýetlenen iş egin-eşik toplumy öndürilýär. Geljekde kärhananyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak bilen baglylykda, ýyllyk önümleriň netijesini 50 müňe ýetirmek meýilleşdirilýär.

«Sarayan» haryt nyşanly ýörite iş geýimleri bilen sosial media hasaplary arkaly ýa-da şu telefon belgiler boýunça habarlaşyp tanşyp bilersiňiz:

+993 65 68-47-01; +993 12 21-02-17;
+993 65 68-47-02; +993 12 21-02-18.

«Sarayan» hojalyk jemgyýetiniň web saýty: degirmen.group;

Elektron poçta salgysy: sarayan@degirmen.group.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň