Soňky habarlar

Arhiw

Katarda pandalaryň seýilgähi açylar

17:3522.04.2022
0
1814
Katarda pandalaryň seýilgähi açylar
Surat: pac.ru

Kataryň demirgazygyndaky Al-Hore şäherinde ýörite pandalar üçin seýilgähi döretmegi meýilleşdirýärler. Pars aýlagynyň kenarýakasyna bu jandarlary Hytaýdan getirerler. Häzirlikçe, seýilgähi ýylyň ikinji ýarymynda açmak nazarda tutulýar.

Mir24-iň habar berşi ýaly, bu haýwanlar üçin Hytaý tarapyndan ýola goýlan kesgitli howa şertini üpjün etmek maksady bilen, ýörite şertler döredildi. Ýagny, howanyň kadaly temperaturasynyň saklanmagy üçin seýilgähde emeli köl ýerleşdirilip, köp sanly baglar oturdyldy. Kataryň yssy howasynda pandalaryň özüni rahat duýmagy üçin bolsa ýörite howa sowadyjylary goýlar. Bu ýerde hytaý pandalary düýeguşlaryň, tawus guşlaryň hem-de bürgütleriň golaýynda ýaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň