Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bedew baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

10:4819.04.2022
0
10776

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen işleriň sergisi açyldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, döredijilik bäsleşigine Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, şeýle-de sungat bilen gyzyklanýan dürli ýaşdaky raýatlar gatnaşdylar.

Döredijilik bäsleşigi 6 ugur boýunça geçirilip, oňa 400-den gowrak iş hödürlendi:

  • Nakgaşlyk;
  • Grafika sungaty;
  • Keramika;
  • Heýkeltaraşlyk;
  • Halyçylyk;
  • Dizaýn.

Bäsleşige hödürlenen eserleriň awtorlary däp boluşy ýaly anonim galan, ýagny sergide döredijilik işleriniň awtorlarnyň familiýarynyň ýerine sanly belgiler görkezilen.

Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri baýramçylyk günleri yglan ediler. Sergi baýramçylyk gününe çenli dowam eder. Şol güne çenli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Döwlet çeperçilik akademiýasyna gelip, bu ýerdäki görkezilýän döredijilik işleri bilen tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň