Aşgabatdaky Ýuriý Gagariniň ýadygärligine gül goýuldy

23:5812.04.2022
0
7743

Her ýylyň 12-nji aprelinde Halkara awiasiýa we kosmonawtika güni bellenilýär. Bu sene 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde kosmosa uçuşy üstünlikli amala aşyran ilkinji kosmonawt, Sowes Soýuzynyň Gahrymany Gagariniň hormatyna bagyşlanýar.

Bu çärä Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Aşgabatdaky Ýuriý Gagariniň ýadygärligi 2021-nji ýylyň aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde açyldy. Heýkeltaraş Alekseý Leonow tarapyndan ýasalan bürünç heýkelde kosmos lybasyndaky ýylgyryp duran gahryman şekillendirilýär. Dünýäniň ellä golaý şäherinde, şol sanda Aşgabatda hem Ýuriý Gagariniň bürünç heýkeli oturdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň