Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda Kataryň ýedi gezek çempiony bilen duşuşar

17:0010.04.2022
0
5110

Ýekşenbeden duşenbä geçilýän gijede AFK-nyň Çempionlar ligasynyň «C» toparçasynda ikinji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Olarda «Ahal» bilen «Al-Garafa», «Şabab Al-Ahli» bilen hem «Fulad» duşuşar.

«Ahal» ― «Al-Garafa» duşuşygy 11-nji aprel güni gije sagat 01:15-de başlanar. Duşuşyk Jidda şäherindäki Şazada Abdulla al-Faýsal adyndaky stadionda geçiriler.

«Ahalyň» bu gezekki garşydaşy Kataryň iň köp kubok gazanan klublarynyň biridir. «Al-Garafa» profesional futbol kluby 1979-njy ýylda Er-Raýan şäherinde döredildi. Klub döredilen gününden 2004-nji ýyla çenli «Al-Ittihad» diýlip atlandyryldy. «Al-Garafa» Kataryň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy bolan Ýyldyzlar ligasynda çykyş edýär.

«Al-Garafanyň» güýjüne göz ýetirmek üçin toparyň ýedi gezek Kataryň çempiony bolandygyny (1991/92, 1997/98, 2001/02, 2004/05, 2007/08, 2008/09, 2009/10), şonça gezek hem Kataryň Emiriniň kubogyny eýeländigini (1994/95, 1995/96, 1996/97, 1997/98, 2001/02, 2009, 2012), üç gezek ýurduň mirasdüşer Şazadasynyň kubogynda ( 2000, 2010, 2011), ýene şonça gezek Kataryň Naýbaşy kubogynda (2009, 2017/18, 2018/19) ýeňiji bolandygyny ýatlamak ýeterlikdir. 2010-njy ýylda «Al-Garafa» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çenli baryp ýetdi.

Topara 2021-nji ýyldan bäri mundan ozal «Inter», «Udinize», «Panatinaikos» ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynda işlän italiýaly hünärmen Andrea Stramaççoni tälim berýär. 2020/21-nji ýyllaryň möwsüminde «Al-Garafa» Kataryň çempionatynda dördünji orny eýeledi. AFK-nyň reýtindäki orny Katara Çempionlar ligasyna dört topar bilen gatnaşmak hukugyny berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň