Eýran ähli ýurtlara girizen uçar gatnawlarynyň çäklendirmesini ýatyrdy

11:2208.04.2022
0
7917

Dünýäniň ähli ýurtlaryndan Eýrana uçýan ýolagçylar üçin howa gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler ýatyryldy. Bu barada «IRNA» habarlar agentligi Eýranyň raýat awiasiýasy guramasynyň wekili Mir-Akbar Razawiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Razwiniň aýtmagyna görä, bu karar Eýranyň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça milli iş toparynyň ýygnagynda kabul edildi.

Habarda Eýrana girmek üçin 12 ýaşdan uly bolan raýatlaryň COVID-19-a garşy sanjymy doly alandyklary baradaky güwähatynyň bolmagynyň zerurdygy bellenilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, raýatlaryň Eýrana girmezden öň ýokanç keseliň ýoklugy hakynda soňky 72 sagadyň dowamynda alnan test barlagynyň netijesi bolmalydyr hem-de barlag testleri 14 gün öň alynmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň