Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşyň senesini yglan etdi

10:5007.04.2022
0
16530
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşyň senesini yglan etdi

2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat - Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawuny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň Telegram sahypasynda habar berilýär. Nobatdaky uçar gatnawy «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 7-nji aprelde sagat 10:00-dan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

  • Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesiniň 211-nji jaýy (+99312 39-17-01)
  • Mary şäheri, Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy (8 00522 3-27-77)
  • Türkmenabat şäheri, Magtymguly köçesiniň 80-nji jaýy (+993422 3-92-10)
  • Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesiniň 100-nji jaýy (+993322 9-00-58 / 9-12-21/9-20-20)
  • Türkmenbaşy şäheri, Azady köçesiniň 2-nji jaýy (+993243 5-00-52)

Ilçihananyň Telegram sahypasynda berilýän habarda ýörite uçar gatnawyndan peýdalanýan daşary ýurt raýatlaryndan Russiýa baranlarynda ýokanç keseliň ýoklugy hakyndaky soňky 48 sagadyň dowamynda alnan lukmançylyk barlagynyň netijesiniň bolmagynyň zerurdygy bellenilýär.

Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar «S7» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw boýunça awiapetekleri satyn alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin şu aşakda görkezilen salga ýüz tutup bilerler:

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy.

Telefon belgileri: (+993 12) 21-05-93, (+993 64) 03-37-03.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda amala aşyrylýan Aşgabat - Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawlary 2022-nji ýylyň mart aýynda dört gezek, ýagny 9-njy, 14-nji, 18-nji we 25-nji martlarda ýerine ýetirildi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen yzygiderli howa gatnawlary dünýäde ýüze çykan güýçli koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň