Soňky habarlar

Arhiw

Saud tarapy «Ahalyň» Jidda baran pursadyndan habar we surat paýlaşdy

14:3905.04.2022
0
6213

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy «Ahalyň» Jida şäherine barandygyny habar berdi. Şeýle hem federasiýanyň resmi saýtynda türkmen toparynyň garşylanyş pursadyndan surat paýlaşyldy.

Çeşmäniň ýazyşy ýaly, «Ahalyň» wekiliýeti AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň geçiriljek ýerine duşenbe güni agşamlyk bardy.

Çeşme federasiýanyň wekilleriniň «Ahaly» myhmansöýerlik bilen garşylandygyny ýazýar. Topar özi üçin niýetlenen myhmanhana ýerleşdirildi. Taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny 7-nji aprelde geçirjek «Ahal» duşuşyga çenli Jidda şäherinde türgenleşiklerini dowam eder.

«Ahalyň» yklym ýaryşyndaky ilkinji garşydaşy BAE-niň «Şabab Al-Ahli» topary bolar. Ertir bu duşuşygyň öňüsyrasynda iki toparyň hem tälimçileri we bir futbolçysy metbugat maslahatyny geçirip, žurnalistleriň sowallaryna jogap berer.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyry bu ýyl hem merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Günbatar sebitiň ähli toparçalaýyn duşuşyklaryny şu ýyl Saud Arabystany kabul edýär. Mahlasy, ýurduň dört şäherinde ýaryşyň bäş toparçasynyň duşuşyklary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň