Lýuksemburg hokkeý boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge doly taýýar

16:5203.04.2022
0
7080

Lýuksemburg hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky duşuşyklary kabul etmäge doly taýýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklary 3 ― 8-nji aprel günlerinde Kokelşýoýe şäherinde geçiriler.

Duşuşyklara Lýuksemburgyň Hokkeý federasiýasynyň YouTube-däki resmi kanalyndan onlaýn tomaşa edip boljakdygyny habar berýäris.

Bu duşuşyklara Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy hem gatnaşýar. Olar ilkinji duşuşygyny şu gün BAE-niň ýygyndysy bilen geçirer. 5-nji apreldäki garşydaşlarymyz ýer eýeleri, 7-nji apreldäki Taýwan, 8-nji apreldäki garşydaşlarymyz bolsa Türkiýe bolar. Toparçada birinji orny eýelän ýygyndy geljek ýyl ikinji dwizionyň «B» toparçasynda ýaryşmaga hukuk gazanar.

Janköýerler Türkmenistanyň ýygyndysynyň dünýä çempionatyndaky ähli duşuşyklaryna sport toplumyna erkin baryp, tomaşa edip bilerler. Diňe Türkmenistan ― Lýuksemburg duşuşygy üçin her biriniň bahasy 10 ýewrodan bolan petekler satylýar.

Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjy ýygyndylaryň reýtindäki ornuna görä, birnäçe dwizionda her ýyl geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň