Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hokkeýçileriniň dünýä çempionatyndaky ilkinji garşydaşy BAE-niň ýygyndysy bolar

23:2002.04.2022
0
11447

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky ilkinji duşuşygyny 3-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy bilen geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 18:30-da başlar. Ol Lýuksemburgyň Kokelşýoýe şäherindäki buzly sport toplumynda geçiriler.

BAE-niň hokkeý federasiýasy 2001-nji ýylyň maýynda IIHF-niň doly hukukly agzasy boldy. Ýurduň ýygyndysy ilkinji resmi duşuşygyny 2008-nji ýylda Arap milletleriniň ligasynda geçirdi. Şol duşuşykda BAE-niň ýygyndysy Kuweýti 4:1 hasabynda ýeňdi.

Ýurduň hokkeý ýygyndysyna häzir kanadaly hünärmen Dewid Riç tälim berýär. Ol düzüme BAE-niň çempionatynda çykyş edýän daşary ýurtly hokkeýçileriň hem birnäçesini çagyrdy. Olaryň hatarynda GDA agza döwletlerden Ilýa Çuýkow, Aleksandr Usenko, Artur Zaýnutdinow, Witaliý Sawko we Maksim Zaharow ýaly hokkeýçiler hem bar.

Häzirki wagtda BAE-niň ýygyndysy IIHF-niň reýtinginde 44-nji orny eýeleýär, olar Türkmenistandan dört basgançak ýokardadyr. Türkmenistanyň we BAE-niň ýygyndylary iň soňky gezek 2018-nji ýylyň 25-nji fewralynda dünýä çempionatynyň Bosnýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde geçirilen saýlama tapgyrynda duşuşypdylar. Bu duşuşyk türkmen hokkeýçileriniň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň dünýä çempionatyndaky duşuşyklarynyň senenamasy:

BAE ― Türkmenistan (3-nji aprel, Aşgabat wagty bilen 18:30);

Türkmenistan ― Lýuksemburg (5-nji aprel, Aşgabat wagty bilen 22:00);

Türkmenistan ― Taýwan (7-nji aprel, Aşgabat wagty bilen 18:30);

Türkiýe ― Türkmenistan (8-nji aprel, Aşgabat wagty bilen 18:30).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň