Soňky habarlar

Arhiw

Gomeliň «Lokomotiwi» türkmenistanly ýarym goragçy Wepa Jumaýewiň şertnamasyny uzaltdy

13:3029.03.2022
0
6460

Belarusyň futbol klubunyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gomeliň “Lokomotiwi” türkmen ýarymgoragçysy Wepa Jumaýew bilen şertnamasyny uzaltdy.

Ildeşimiz gyşky transfer penjiresinde beýleki klublaryň tekliplerine garamazdan, Gomel klubynda galmak kararyna geldi.

21 ýaşly ýarymgoragçy geçen möwsüm toparda 33 oýun oýnap, 1 top geçirdi we 2 asist berdi.

Şertnama uzaldylandan soň toparyň metbugat gullugy ildeşimiz bilen gysgaça söhbetdeş boldy:

— Şertnama uzaldyldy, biziň toparymyzda galanyňyza begenýärsiňizmi?

— Elbetde begenýärin! Topar bu ýyl geçen ýyla garanyňda gaty gowy oýnaýar.

— Geçen möwsüm barada näme aýdyp bilersiňiz?

— Bu kyn möwsüm boldy. Bäsdeşlik köpdi we her oýunda utuklary kynlyk bilen gazanyp, iň soňuna çenli göreşmeli bolýardy.

— Beýleki toparlardan teklip aldyňyzmy?

— Teklipler bardy, ýöne “Lokomotiwde” galmagy makul bildim.

— Wepa siz geçen möwsümde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynda hem oýnap bilerdiňiz, näme üçin ýygynda goşulmadyňyz?

— Pasportumyň möhletiniň gutarmagy hem-de koronawirus sebäpli öýe gitmek mümkin däldi.

— Wepa futboldan başga näme bilen gyzyklanýaňyz?

— P.O.Suhog adyndaky GGTU uniwersitetinde okaýaryn. Şeýle-de, halaýan zatlaryma güýmenýän.

— Toparda Belarusyň Ýokary ligasynda gaty ýokary tejribä eýe bolan oýunçylar peýda boldy, bäsdeşlikden çekinmeýärsiňizmi?

— Ýok, çekinemok. Bäsdeşlik biziň ählimizi güýçlendirýär!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň