Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internaty okuwa çagyrýar

15:5628.03.2022
0
28165

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna 2022 — 2023-nji okuw ýyly üçin Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan zehinli okuwçylar okuwa kabul edilýär.

Bu baradaky bildiriş «Mugallymlar gazetiniň» 28-nji martdaky sanynda çap edildi.

Okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler 6-njy synpa çenli gowy bahalar bilen okan bolmaly.

Dalaşgärleriň arasynda türkmen dilinden diktant ýazmak, matematika hem-de taryh dersleriniň her birinden taýýarlanan soragnama ýazmaça jogap bermek arkaly synag geçiriler.

Synaglaryň geçiriljek senesi:

  • Balkan welaýaty — aprel aýynyň 15 — 16-sy (Balkanabat şäheri)
  • Ahal welaýaty — aprel aýynyň 18 — 19-y (Aşgabat şäheri)
  • Aşgabat şäheri — aprel aýynyň 20 — 21-i (Aşgabat şäheri)
  • Lebap welaýaty — aprel aýynyň 22 — 23-i (Türkmenabat şäheri)
  • Mary welaýaty — aprel aýynyň 25 — 26-sy (Mary şäheri)
  • Daşoguz welaýaty — aprel aýynyň 28 — 29-y (Daşoguz şäheri).


Okuw üçin gerekli resminamalaryň sanawynda dalaşgäriň okaýan mekdebindäki şahsy jiltiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan göçürmesi; mekdep tarapyndan berlen hödürnama; ýaşaýan ýerinden kepilnama; ata-enesiniň işleýän ýerinden kepilnama; saglyk ýagdaýy hakynda kesgitlenen nusgadaky kepilnama (026-H belgili); şeýle-de 3x4 ölçegdäki 2 sany surat bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň