Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrar

12:4011.03.2022
0
24574

2022-nji ýylyň 14-nji martynda Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanalynyň sahypasynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Moskwa—Aşgabat—Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

  • Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesiniň 211-nji jaýy (+99312391701)
  • Mary şäheri, Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy (8 00522 32777)
  • Türkmenabat şäheri, Magtymguly köçesiniň 80-nji jaýy (+99342239210)
  • Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesiniň 100-nji jaýy (+99332290058 / 91221/92020)
  • Türkmenbaşy şäheri, Azady köçesiniň 2-nji jaýy (+99324350052)

Nobatdaky ýörite uçuş Aşgabat wagty bilen 10:00-da amala aşyrylar.

Egerde ýörite uçar gatnawy bilen Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar «S7» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw

boýunça awipetekleri satyn alyp bilerler. Habarlaşmak üçin şu aşakda görýän salgyňyza ýüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy. Telefon belgileri: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).

Bilşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasy tarapyndan Moskwa—Aşgabat—Moskwa ugry boýunça howa gatnawy şu ýylyň 9-njy martynda amala aşyrylypdy.

Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen yzygiderli gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan güýçli koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň