Soňky habarlar

Arhiw

19-njy martda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy bolar

21:5110.03.2022
0
18322

Şu ýylyň 19-njy martynda Oguz han köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda belläp geçdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, kasam kabul ediş çäresi tamamlanandan soň dabara Türkmenistanyň Kabul edişler merkezinde dowam eder.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen bilelikdäki mejlisi 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek meselelerine bagyşlandy. Iň ýokary döwlet wezipesine 9 adam dalaş edýär. Ýurtda hereket edýän üç syýasy partiýadan we raýatlaryň teklipçi toparlaryndan dalaşgärler hödürlenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaş edýänler Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde saýlawçylar bilen duşuşyklary tamamladylar.

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda 2600-den gowrak saýlaw uçastogy döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň