Ronaldu tagam eltip berýän platformanyň mahabat ýüzi boldy

16:2110.03.2022
0
7165

«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Dubaýyň «Mena Talabat» tiz tagam we azyk önümleri platformasy bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy markany Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrika sebitinde mahabatlandyrar.

«Russianemirates.com»-yň habaryna görä, Ronaldu azyk önümlerini «Ronaldanyň tizliginde» atly wideomahabat bilen mahabatlandyrdy.

Hyzmat ýyldyz futbolçynyň meýdanda edişi ýaly höwes, takyklyk, netijelilik we ygtybarlylyk bilen işlemegi wada berýär.

Neşiriň habaryna görä, Kriştianu Ronaldu 2020-nji ýylyň dekabrynda Dubaýyň Sport geňeşiniň başlangyjy bilen berlen BAE-niň «altyn» wizasy bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň