Şu gün — 9-njy martda Türkiýäniň «Türkhowaýollary» kompaniýasy Aşgabatdan Stambula TK 4916 ýörite uçuşy amala aşyrdy. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.
Onlaýn-tablonyň habar bermegine görä, Airbus A321-271NX uçary ýerli wagt bilen sagat 21:06-da Stambul halkara howa menziline gondy.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň beýleki ýurtlar bilen birlikde, dünýäde ýüze çykan güýçli pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.
Mundan başga-da, Türkiýäniň «Türkhowaýollary» kompaniýasy Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça 2022-nji ýylyň 14-nji martynda ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.