Soňky habarlar

Arhiw

Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň 2726-sy bellige alyndy

20:2603.03.2022
0
5386

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-sy Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.

Şolardan: 544-si Türkmenistanyň demokratik partiýasy, 355-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 390-sy Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 520-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy, 290-sy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 525-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan, 84-si bolsa raýatlar toparlary, 18-si hem dalaşgärler tarapyndan bellenildi.

Milli synçylaryň 47,76 göterimi zenanlardyr.

Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli synçylar saýlaw möwsüminiň kanunalaýyklykda geçirilişine syn edýärler.

Munuň özi mukaddes Watanymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň aýanlykda we açyklyk ýörelgeleri esasynda geçiriljekdigini äşgär edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň