Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada suwdan ekologiýa taýdan arassa wodorody süzüp almagyň çözgüdi işlenip düzüldi

00:0503.03.2022
0
1072

Ýaponiýanyň fizika we himiýa gözleg institutynyň alymlary suwdan ekologiýa taýdan arassa wodorody süzüp almagyň katalizatoryny işläp taýýarladylar. Bu barada «Bereketli toprak» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Täze döredilen katalizator gymmat serişdeleri ulanmagy aradan aýyrýar. Ony döretmek üçin alymlar marganes we kobalt oksidleriniň garyndysyny ulandylar.

Wodorod ammiak önümçiliginde zerur serişdeleriň biri bolup, dünýäniň iri ammiak öndürijileri henize çenli wodorod almagyň köp çykdajyly usulyndan peýdalanýardylar. Önümçilikdäki katalizatorlaryň düzüminde platina, iridium ýaly has gymmat maddalar hem bar. Ýapon alymlarynyň çözgüdi bilen döredilen katalizatorlaryň ulanylmagy bolsa, öndürilýän önümiň ykdysady taýdan düşewüntliligini ýokarlandyryp, onuň daşky gurşawa zyýanly täsirini ep-esli azaldar.

Taslamanyň ýolbaşçysy Aýlong Li täze oýlap tapyşy barada: «Biz onlarça ýylyň dowamynda alymlardan özüni gizlän syryň üstüni açdyk. Mundan soň gündelik durmuşymyzda giňden ýaýran maddalar hem katalizatorlara öwrülip biler» diýip, düşündiriş berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň