Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň baş drama teatrynda «Romeo we Julýetta» atly sahna eseri görkezildi

16:4802.03.2022
0
1548

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda Willýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta» atly dramasy esasynda sahnalaşdyrylan täze oýnuň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatr bölüminiň bilermenler topary tarapyndan gözden geçirilişi boldy. Täze sahna eseriniň režissýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa oýny merhum režissýor Goçmyrat Bekiýewiň 2000-nji ýyllarda sahnalaşdyran dramasy esasynda täzeçe öwüşginler bilen baýlaşdyrdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

«Romeo we Julýetta» sahna eserinde artistler Begenç Garlyýew Romeonyň, Merjen Garlyýewa Julýettanyň, Hezretmyrat Öwezow Lorenso atanyň, Kakamyrat Bazarow Tibaltyň, Azat Didarow Merkusionyň, Ogulbike Garýagdyýewa enekäniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Aşyrmuhammet Işangulyýew Kapulettiniň, Maýagül Annaýewa hanym Kapulettiniň, Ýeňiş Ýazmyradow Montekkiniň, artist Sadatjan Orunowa hanym Montekkiniň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Maksatmyrat Hydyrow Kuýazyň, artist Aşyr Mämmedow hyzmatkäriň, Atajan Annaberdiýew Benwolionyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrmämmet Ýemşikow melhemçiniň, artist Aýnabat Silapowa melhemçiniň aýalynyň keşbinde, köpçülikleýin sahnalarda bolsa teatryň artistleri çykyş edýärler.

Täze oýnuň sahna bezegini Güljemal Saparowa, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew, saz bezegini Magtymguly Saparow ýerine ýetirdi. Režissýoryň assisenti Dilşat Meläýewa, režissýoryň kömekçisi bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrmämmet Ýemşikowdyr. Sahna eserindäki tanslar bolsa Taisiýa Alyýewa degişlidir.

400 ýyldan gowrak mundan ozal iňlis dramaturgy Willýam Şekspir tarapyndan ýazylan dramada aşyklaryň söýgüsi kämil derejede beýan edilýär. Montekkiniň hem-de Kapulettiniň maşgalasyndan bolan ýaş ýigit bilen gyz maşgalalarynyň arasynda dörän garşylykly herekete seretmän, biri-birlerine aşyk bolýarlar. Olaryň söýgüsi ähli kynçylyklardan üstün çykýar. Ýigit bilen gyzyň arasynda dörän söýginiň güýjeýän çagy, Julýettanyň daýysy Tibalt bilen Romeonyň dosty Merkusionyň arasynda dawa ýüze çykýar. Şonda Merkusion ýaralanyp aradan çykýar. Muny gören Romeo bilen Tilbaltyň arasynda hem dawa ýüze çykyp, olar uruşmaga başlaýarlar. Şol uruşda bolsa Tibalt aradan çykýar. Tibaltyň aradan çykmagy Romeo bilen Julýettanyň arzuwlarynyň hasyl bolmagyna böwet döredýär. Iki maşgalanyň arasynda dörän duşmançylykly hereketler barha güýjeýär. Romeony sürgün etmeli diýen karar berilýär. Aýralyk aşyklara agyr düşýär. Kynçylykly wakalaryň geçmegi bilen iki maşgalanyň arasynda dörän duşmançylykly hereketiň döremegi bilen Romeo we Julýetta öz janlaryna kast etmeli bolýarlar.

Täze röwüşde sahnada gaýtadan goýlan «Romeo we Julýetta» tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Artistleriň özlerine ynanylan keşpleri ussatlarça ýerine ýetirmekleri oýnuň has-da täsirini artdyrýar.

Belläp geçsek, «Romeo we Julýetta» pýesasy Türkmenistanyň teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek 50 ýyl mundan ozal, ýagny 1970-nji ýyllarda, ikinji gezek bolsa 2000-nji ýyllarda sahnalaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň