«Gerekli» internet dükany «Samsung» kompaniýasynyň «Galaxy S 22» flagman modeli üçin deslapky sargytlary kabul etmegini dowam etdirýär

17:1825.02.2022
0
4398

«Gerekli» internet dükany müşderilere «Samsung» kompaniýasynyň iň täze smartfon modeli bolan «Galaxy S 22» üçin deslapky sargyt möhletiniň 28-nji fewralda gutarýandygyny ýatladýar.

Täze modeliň tanyşdyrylyşy 9-njy fewralda bolup geçdi we eýýäm 10-njy fewraldan «Gerekli» internet dükanynda müşderiler üçin öňünden sargyt etme mümkinçiligi döredildi. «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň kömegi bilen, «Samsung» kompaniýasynyň täze «Galaxy S 22» flagman modeliniň ilkinji eýeleriniň biri bolup bilersiňiz.

Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň uly ýaşly (18 ýaşdan uly) raýatlary pasportlaryny görkezenlerinden soň, täze smartfony sargyt edip bilerler. Munuň üçin müşderi «Gerekli» web sahypasyna girip ýa-da +99364065666 belgili telefona jaň edip, öz islän harydyny sargyt etmeli we sargyt eden harydynyň bahasynyň 20 göterim tölegini öňünden tölemeli. «Gerekli» internet dükanyndan sargyt edilen harytlar bir aýyň dowamynda müşderilere gowşurylýar.

Mundan başga-da, «Gerekli» internet dükanyndan iň täze flagman modellerini sargyt eden müşderilere sowgat hem berilýär: müşderiler «Samsung Galaxy S 22», «Samsung Galaxy S 22+» smartfonlaryny sargyt edende, sowgat hökmünde «Samsung watch 4 40mm» sagadyny, «Samsung Galaxy S 22 Ultra» smartfonyny sargyt edeninde bolsa sowgat hökmünde «Samsung watch 4 r870 44mm» sagadyny alarlar.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň