Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilm» Magtymguly hakda düşüriljek täze film üçin aktýorlary dalaşgärlige çagyrýar

09:5924.02.2022
0
7255

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi gysga metražly täze filmde keşpleri ýerine ýetirmek isleýänleri synaga çagyrýar. «Istärin» atly kinofilm akyldar şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň ömri hem döredijiligi barada gürrüň berer.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, synaga 16 ýaşdan uly bolan islendik adam gatnaşyp biler. Hünär taýdan aktýorlyk bilimi bolsa has gowy, ýöne ol hökmany şert däldir. Oňa gatnaşmak üçin döredijilik synagyna ýazylmaly. Munuň üçin Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine gelmeli ýa-da 49-37-13 belgili telefona jaň etmeli.

Taslamanyň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, eýýäm ilkinji höwesekler peýda boldy. Ýakyn wagtda zehinler uly synagdan geçiriler, şonda olar Magtymgulynyň goşgularyny labyzly okamalydyrlar. Synagdan geçenler foto we wideosynaglara gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Türkmenistanda Magtymgulynyň döredijiligine uly üns berilýär. Ýurtda 2024-nji ýylda akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlyk görülýär. Şahyryň goşgularynyň biriniň ady bilen atlandyrylan «Istärin» filmi Magtymgulynyň baý döredijilik mirasyny wagyz etmäge ýene bir goşant bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň