Soňky habarlar

Arhiw

Täze doglan himeranyň üsti açyldy

17:1721.02.2022
0
3774
Täze doglan himeranyň üsti açyldy
Surat: mir24.tv

Günorta adanyň golaýynda bir kilometrden gowrak çuňlukda alymlar ýaňy-ýakynda çykan «arwah akulanyň» çagasyny tapdylar. Täze Zelandiýa Milli Suw we Atmosfera Gözleg Institutynyň ihtiologlary täze doglan akula çagasyny himera diýlip atlandyrylýan ylmy akulalaryň 50-den gowrak görnüşiniň hataryna goşdy. Balyklaryň bu görnüşi umman giňişlikleriniň uly çuňluklarynda ýaşaýar.

Mir24-iň bara berşi ýaly, adaty bolmadyk bu jandar Täze Zelandiýaly makruronusyň populýasiýasynyň bahalandyrylýan wagtynda tora düşdi. Hünärmenler täze doglan arwah akulalaryň alymlaryň eline seýrek düşýändigini belleýärler, şonuň üçin bu tapyndy ylmy taýdan örän uly ähmiýete eýedir.

Ihtiologlar ýakyn wagtda geçiriljek gözlegleriň dowamynda bu balyklaryň reňkiniň, ululygynyň we iýmitleniş endikleriniň ösüş döwründe üýtgemegine göz ýetirmek üçin akula çagasynyň genetiki synaglaryny geçirmegi maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň