Arhiw

«Kaýrat» Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady

10:1521.02.2022
0
2383
«Kaýrat» Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady

Almatynyň «Kaýrat» kluby baş tälimçi Gurban Berdiýewiň kömekçisi Iwan Danilýansy 69 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady.

«Kaýrat» futbol kluby Iwan Albertowiçi bu aýratyn güni bilen gutlaýar! Oňa berk jan saglygyny, uzak ýaş, klub bilen bile täze üstünlikli gazanmagy arzuw edýäris!» diýlip, klubyň resmi saýtynda ýazyldy.

1953-nji ýylda Aşgabatda doglan Iwan Danilýans birnäçe ýyllap paýtagtyň «Gurluşykçysynyň» düzüminde futbol oýnady. Ol dürli ýyllarda Moldawiýanyň milli ýygyndysynda, Tiraspolyň «Şerifinde», Russiýanyň «Rubininde» we «Rostowynda» tälimçi bolup işledi. Soňky agzalan toparlarda ol Gurban Berdiýewe kömek berdi.

Iwan Danilýans şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri «Kaýratda» Gurban Berdiýewe kömek berip gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň