Berdimuhamedow Garagum sährasynda sport awtoulagyny sürdi

21:3920.02.2022
0
7485
Berdimuhamedow Garagum sährasynda sport awtoulagyny sürdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynda sport awtoulagynda menzil aşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen Lideri awtoulagy sürmezden ozal zerur bolan tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirdi. Habar berlişi ýaly, geçiljek ýoluň aýratynlygy, howanyň şol pursatdaky ýagdaýy, ýoluň çyglylyk derejesi, sport ulagynyň tigirleriniň we hereketlendirijisiniň gyzgynlylygy awtomobil sporty ýaryşlarynyň kadalaryna laýyk gelmelidir. Şeýlelikde, döwlet Baştutany awtoulagyň tehniki guratlygyny doly gözden geçireninden soňra ony herekete girizip, Garagum sährasynyň içi bilen ýola düşdi. Bu awtoulag döwlet Baştutanynyň 2018-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen «Amul – Hazar» halkara awtorallisinde süren sport awtoulagydyr

Türkmenistanyň Prezidenti sport ulagyny çylşyrymly sähra ýollary bilen sürüp barşyna ulagynda näsazlyk ýüze çykdy. Garaşylmadyk tehniki näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda türgeniň seresaplylygy elden bermän maksada okgunlylyk bilen çylşyrymly ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmegi sportuň bu görnüşiniň esasy aýratynlyklarynyň birdir. Türkmen Lideri sport awtoulagynyň tehniki näsazlygyny düzedenden soňra ýoluny dowam etdi. Hormatly Prezident kesgitlenen wagtyň dowamynda sport ulagyny okgunly sürmegiň düzgünlerini ulanyp, ulagyň mümkinçiliklerini peýdalandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň