ÝUNISEF Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen sergä gatnaşdy

17:5818.02.2022
0
5799

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda türkmen diplomatlaryň hünär baýramy mynasybetli sergi geçirildi.

Bu çärä Türkmenistandaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilleri gatnaşdylar.

«Diplomatik pudagyň ähli işgärlerini bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlaýarys we möhüm işlerinde üstünlik arzuw edýäris!» diýlip, Guramanyň Instagram sahypasynda gutlag sözleri getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň