Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Garagum derýasynyň ugry boýunça 100-den gowrak agaç oturdyldy

11:0415.02.2022
0
6583

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, Garagum derýasynyň ugry boýunça 100-den gowrak agaç ekmek we daşky gurşawy goramak çäresi geçirildi.

Bu çäre Merkezi Aziýanyň daşky gurşawy goramak merkeziniň we Türkmenistanyň «Garagumderýasuwhojalyk» Döwlet suw hojalygy komitetiniň özara düşünişmek barada gol çeken Memorandumynyň çäklerinde geçirildi. Şol gün akja, tut, albisia, meliýa, pawlowniýa, dagdan, sofora we beýleki dürli görnüşli agaçlar ekildi.

Agaç ekmek çäresi Garagum derýasynyň kenar ýakasyny dikeltmek we ekologiýany goramak hem-de gözelleşdirmek maksady bilen alnyp barylýar.

Bilşimiz ýaly, Garagum derýasy öz gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýar we günorta-gündogar Garagum çölünden geçip, Murgap oazisiniň we Murgap-Tejen aralygyndan Köpetdagyň eteklerine çenli uzalyp gidýär. Bu derýanyň uzynlygy 1100 kilometr bolup, 1 million gektardan gowrak ekin meýdanlaryny suwarmaga diýseň oňaýlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň