Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022: «Fulad» ― Eýranyň Naýbaşy kubogynyň eýesi

23:5507.02.2022
0
1969
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022: «Fulad» ― Eýranyň Naýbaşy kubogynyň eýesi
Surat: AFK-nyň resmi saýty

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýty «Fulad» futbol toparynyň Eýranyň Naýbaşy kubogyna mynasyp bolandygyny habar berdi. «Fuladyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.

Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykda «Fuladyň» garşydaşy Eýranyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan «Persepolis» boldy. Duşuşykda «Ahalyň» topardaşy 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeke-täk pökgini afrikaly goragçy Musa Kolibali geçirdi.

Şeýlelikde, «Fulad» 2021-nji ýylyň netijesi boýunça ikinji kubogyny gazandy. Topar geçen ýylyň awgust aýynda Hafzi kubogynyň finalynda «Esteglaly» hem 11 metrlik jerime urgulary bilen ýeňipdi. Toparyň ýedi ýyllyk arakesmelerden soňra goşa kubok gazanmagy «Ahala» güýçli garşydaşyň garaşýandygyndan habar berýär.

Aprel aýynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Fulad» futbol topary «C» toparçada ýaryşar. Onuň garşydaşlary biziň ildeşlerimizden başga-da, BAE-niň «Şabab Al-Ahli» we Kataryň «Al-Garafa» toparlary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň