Aşgabatda iki ýylyň dowamynda «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasy gurlar

21:5308.02.2022
0
9137

Wise-premýer Ç.Gylyjow şu gün geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, halkyň ruhy gymmatlygyny goraýjy we dünýäde wagyz ediji, ýaş zehinleri terbiýelemegiň serişdesi hökmünde medeniýete ägirt uly orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýar, halky beýik işlere birleşdirýän we ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti şahyrlaryň we kyssaçylaryň tolgundyryjy setirleriniň, bagşy-sazandalaryň ajaýyp mukamlarynyň, suratkeşleriň işleriniň hiç kimi biparh goýmaýandygyny nygtady. Biziň ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz medeniýet bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, döwletimiz milli medeniýetimizi ösdürmäge we baýlaşdyrmaga ägirt uly serişdeleri goýberýär diýip, milletiň Lideri nygtady.

Döwlet Baştutany bu barada aýdyp, hödürlenen resminamany makullady hem-de “Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.

Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine Aşgabat şäheriniň Seýdi köçesiniň ugrunda bu ministrligiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Dokmahyzmat” döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we binany 2024-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň