Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanyna «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanynyň 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda
― ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak;
― tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek;
― energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdysadyýet” syýasatyny alyp barmak;
― sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak;
― ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek;
― ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek;
― bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek;
― amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek;
― netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek;
― milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklibi hödürledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ony täze sepgitlere çykarmak üçin täze maksatnamalaýyn resminamany kabul etmegiň wajypdygyny belledi. Milletiň Lideri geljek 30 ýyl üçin strategik maksatnamada türkmen döwletiniň häzirki taryhy döwürde syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen esasy wezipeleriň kesgitlenilmelidigini aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürleniljek Milli maksatnamanyň her bir düzgüniniň ugurdaş düzümler tarapyndan içgin seljerilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Hökümetiň Baştutanynyň orunbasaryna degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy.