Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wodorod energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny tassyklady

22:3028.01.2022
1
7636

«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen Türkmenistanyň wodorod energetikasy pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Ýol kartasynda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň