Soňky habarlar

Arhiw

IFFHS Aziýanyň 2021-nji ýyldaky iň gowy futbol klublaryny kesgitledi

09:4527.01.2022
0
2861
IFFHS Aziýanyň 2021-nji ýyldaky iň gowy futbol klublaryny kesgitledi

Türkmenistanyň futbol toparlarynyň hiç biri 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Aziýanyň iň gowy toparlarynyň sanawyna girip bilmedi.

Sport.kg saýtynyň habaryna görä, Futbolyň taryhy we statistikasy boýunça halkara federasiýa (IFFHS) tarapyndan geçen ýylyň netijeleri boýunça Aziýanyň iň gowy klublary yglan edildi.

Sanawyň ilkinji iki ornunda Koreýa Respublikasynyň toparlary bar. Olar «Ulsan Hýonde» bilen «Çonbuk Hýonde Motorsdyr». Ilkinji üçlügi Ýaponiýanyň «Kawasaki Frontale» topary jemleýär.

Aşaky orunlar şeýle:

4. «Persepolis», Eýran;

5. «Tegu», Koreýa Respiblikasy;

6. «Al-Hilal», Saud Arabystany;

7. «Phohan Stilers», Koreýa Respublikasy;

8. «Nagoýýa», Ýaponiýa;

9. «Al-Nassr», Saud Arabystany;

10. «Esteglal», Eýran.

Sanawda klublaryň geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1-nji sentýabryna çenli aralykda görkezen netijeleri göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň