Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýlylar çöregi köp satyn alýarlar

22:4920.01.2022
0
488
Hytaýlylar çöregi köp satyn alýarlar

INTERFAX.RU habarlar gullugy hytaýlylaryň çöregi sarp edişiniň üýtgändigini, ýagny olaryň has köp çörek iýip başlandygyny ýazmak bilen, munuň ýurda bugdaýyň importynyň artmagyna we bugdaý ununyň dünýä bahasynyň durnukly saklanmagyna getirendigini nygtaýar.

Mysal üçin, geçen ýyl Hytaýa bugdaýyň importy 17 göterim artypdyr, ýagny takmynan 9,8 million tonna deň bolupdyr, bu hakynda HHR-niň Gümrük edarasynyň maglumatlary güwä geçýär.

Bazary seljerijiler muňa ilkinji nobatda Hytaýda hasylyň pes bolmagynyň sebäp bolandygyny, emma şol bir wagtda hytaýlylaryň çörege gatnaşygynyň üýtgändigini, ýagny ilatyň çöregi köp iýip başlandygyny belleýärler.

Şunlukda olar şu ýylam Hytaýyň bugdaýa we una importynyň artmagyna garaşýarlar. Bu barada Sitonia hytaý oba hojalyk habarlar edarasyndan Darin Fridrihs belleýär. Içki nyrhlar bugdaýyň mallar üçin iým hökmünde işjeň ulanylyp başlanmagy bilen bagly ýokary bolmagynda galýar diýip, ol aýdýar.

Dünýä bazarynda soňky on iki aýda bugdaýyň nyrhy 16 göterime golaý gymmatlapdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň