Soňky habarlar

Arhiw

Boris Jonsonyň iş başyndan gitmegini talap edýärler

22:4220.01.2022
0
688

Britan Mejlisindäki konserwatorlar öz partiýadaşy, iş ýerinde oturylyşyklary yzygiderli gurap, olara gatnaşyp gelmekde aýyplanýan Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň iş başyndan meýletin gitmegini talap edip çykyş edýärler.

Bu barada The Guardian habar berýär.

Premýer-ministriň eýýäm iş ýerinde Roždeswto baýramyny köpçüligiň üýşen ýerinde howpsuz aralygy saklaman we agyz-burun örtügini dakynmazdan bellemegi bilen bagly ötünç sorap çykyş edendigine garamazdan, garşydaşlary köşeşerli däl, olar öz talaplaryny barha berkidýärler. Olar Jonsonyň barha köp gopgunlarda adynyň geçýändigini belleýärler. Jonson öňem pandemiýa döwründe gadagan edilen şeýle meýlisler üçin ötünç sorapdy, olaryň biri ýurduň şazadasy Filippiň ýasynyň tutulýan döwri geçipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň