Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Robert Lewandowski 2021 ýylyň “Iň gowy oýunçysy” baýragyna mynasyp boldy

09:2318.01.2022
0
6508

Mýunhen şäheriniň «Bawariýa» toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2021-nji ýylda dünýäniň iň gowy oýunçysy hökmünde FIFA-nyň baýragyna mynasyp boldy.

FIFA-nyň 2021-nji ýylyň iň gowy oýunçylaryna baýrak gowşurylyş dabarasy 17-nji ýanwarda Sýurihde şäherinde onlaýn görnüşinde geçirildi.

Ses berlişigiň netijesinde yzly-yzyna ikinji gezek FIFA-nyň «Altyn top» baýragyny alan Lewandowski ses berlişigiň netijesinde 535 ses bilen Liwerpulyň müsürli ýarymgoragçysy Muhammet Salahdan (271) we «Pari Sen-Žermen» toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messiden (254) öňe geçdi.

33 ýaşly Lewandowski 2021-nji ýylyň iň ökde oýunçysy boldy. «Babariýanyň» we Polşanyň milli ýygyndysynda çykyş edip, jemi 59 oýunda 69 pökgini derwezä dürs geçirmegi başardy. Robert Bundesligada 43, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 11, Germaniýanyň super kubogynda iki, FIFA-nyň dünýä çempionatynda iki we Polşanyň milli ýygyndysynda 11 pökgi geçirdi.

Lewandowski 2014-nji ýylda Borussiýanyň «Dortmund» toparyndan transfer bolup, «Bawariýa» goşuldy.

1991-nji ýyldan bäri FIFA iň gowy futbolçylara baýrak gowşurýar. 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli iň gowy oýunçylara Halkara futbol federasiýasy bilen Fransiýa futbol žurnalynyň bilelikdäki baýragy FIFA Ballon d'Or berildi.

2016-njy ýylda hyzmatdaşlyk tamamlandy we FIFA we Fransiýa futboly öz baýraklaryna gaýdyp geldi.

Lewandowskiniň 2021-nji ýylda «Altyn top» ugrundaky bäsleşikde ikinji bolandygyny we baýragyň Lionel Messä gowşurylandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň