Soňky habarlar

Arhiw

Aktýor Bolduin telefonyny derňew üçin berdi

13:5217.01.2022
0
830

Amerikan aktýory Alek Bolduin «Pos» atly film surata düşürilýärkä heläk bolan operator Galina Hatçinsiň ölümi bilen bagly derňew işleriniň talaby esasynda el telefonyny häkimiýetlere berdi. Bu barada onuň aklawjysy metbugata habar berdi.

Aklawjy Bolduiniň bolup geçen betbagtçylykly wakada hiç hiliniň günäsiniň ýokdugyny NBC News teleýaýlymynda eden çykyşynda belledi. Häzir derňew işlerinde ukrain asylly operator zenanyň gurban bolmagyna getiren hakyky sapança okunyň gelip çykyşy öwrenilýär.

Geçen ýylyň 21-nji oktýabrynda «Pos» atly filmiň surata düşürilişiniň esasy repetisiýasynda Bolduin sapançany eline alyp, mäşesini gysanda operator Galina Hatçingi ýaralap, ölümine sebäp boldy. Şonda režissýor Joel Souza hem ok degip ýaralandy.

Amerikanyň Nýu-Meksiko ştatynda bolup geçen betbagtçylykly wakanyň derňew işleri dowam edýär.

Bolduiniň sözlerine görä, sapançanyň atylmagy tötänden bolupdyr, onsoňam weteran aktýor sapançada hakyky okuň nireden peýda bolandygyndan habarsyzdygyny nygtaýar, aslynda kino surata alynýarka, boş ok ulanylýar.

17-nji dekabrda Santa-Fe okrugynyň kazyýeti Bolduiniň el telefonyny derňew üçin almak barada çözgüt çykarypdy, aktýor telefonyny hiç hili garşylyksyz berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň