Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-de geçen hepde 63,5 million dollarlyk geleşikler baglaşyldy

23:5209.01.2022
0
5972

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 47-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dürli kysymly awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 63 million 544 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen ýüplüklerinden dokalan matany, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 867 müň manatdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň