Soňky habarlar

Arhiw

Agajyň täze görnüşine Leonardo di Kaprionyň ady dakyldy

15:3407.01.2022
0
3054

Londonyň Korollyk botanika bagy agajyň täze görnüşine aktýor Leonardo di Kaprionyň adynyň dakylandygyny habar berdi. Aktýor bu hormata tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagyna garşy işjeň çykyş edýändigi üçin mynasyp boldy. «Häzir dünýäde belli bolan bagyň ýeke-täk nusgasyna onuň adyny dakmak kararyna gelindi diýip, «MIR24» teleýaýlymy habar berýär. Ol agajyň goraghananyň çäginde ýekejesi saklanyp galypdyr.

Hemişe gök öwsüp oturan agajyň iri sary-ýaşyl ýapraklary bar we ol Kamerundaky Ebo tokaýyndan tapyldy. Indi onuň ylmy ady Uvariopsis dicaprio boldy.

Di Kaprio Kamerunyň hökümetleri 2020-nji ýylda ýabany tebigatyň el degmedik goraghanasynyň çägindäki tokaýlaryň çapylmagyna rugsatnama berende, garşylyk bildirip, işjeň çykyş edipdi. Aradan birnqçe aý geçensoň, Kamerunyň hökümeti bu karary ýatyrdy, hünärmenler muňa meşhur aktýoryň hyzmaty hökmünde baha berdiler.
Uvariopsis dicaprio agajy ýitip ýok bolmak howpy abanýan görnüşleriň sanawyna girizildi, onuň boýy dört metr bolan ýeke-täk nusgasy pyýada ýodajygyň golaýyndan tapyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň