Aşgabatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň noýabr aýynda 2022-nji ýylda geçiriljek ilat ýazuwynyň nyşanyny we şygaryny taýýarlamak boýunça yglan eden bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bäsleşigiň netijelerine görä, Döwlet baýdagynyň şekili bolan nyşan adaty türkmeniň ak öýleri, şeýle-de haly gözlleri we «2022» belgisi bilen taýýarlanan nyşan iň gowy nyşan diýlip saýlanyp alyndy. Ilat ýazuwynyň şygary hökmünde «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagt, ýagty geljek» şygary saýlandy.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
- Täzegül Tugurowa — Iň gowy nyşan
- Döwran Gullyýew — Iň gowy şygar
Ýeňijileri sylaglamak dabarasyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.