Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynda 2 gatly kottejleriň iri toplumy, ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy gurlar

22:1105.02.2015
0
23465

Aşgabat, 05.02.2015. “Türkmenportal”.

Aşgabatda Mejlisler merkezi bolan Söwda-senagat edarasynyň jaýynyň, 3 müň orunlyk konsert we teatr merkeziniň dabaraly ýagdaýda açmagyna taýýarlanylýar. 2015-nji ýylda türkmen paýtagtynda 60-dan gowrak desgany gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda hormatly myhmanlara niýetlenen 450 orunlyk myhmanhanany, türgenler üçin myhmanhanany hem-de ýaşaýyş jaýyny, 45 müň tomaşaçy orunlyk Olimpiýa stadionyny, 5 müň tomaşaçy orunlyk ýapyk atletika sahnasyny öz içine alýan olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň ikinji nobatdakysynyň çäklerindäki 19 desga bar. 

“Arkadaş” we “Arçabil” seýilgähleri hem Aşgabadyň gök zolakly toplumlarynyň üstüni ýetirer. 2015-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli birnäçe desgalar bar. Munuň özi durky düýpli täzelenen Halkara lukmançylyk merkezinden we täze binasyndan, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkezinden, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkeziň binalar toplumyndan ybaratdyr. Şeýle hem Tejribe-önümçilik we Iýmit merkeziniň, Newrologiýa we Morfologiýa merkezleriniň, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda bilim ulgamyna degişli-de birnäçe desga bar. Olar A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň binalar toplumyndan, 3 müň talyba niýetlenen Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň binalar toplumyndan we bilelikdäki türkmen-türk mekdebinden ybaratdyr.

Şeýle hem şu ýyl Döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýüniň açylyş dabarasy bolar. Oguzhan köçesiniň ugrunda hem birnäçe desgalar gurlup, ulanmaga berler. Ol ýerde paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde dürli pudaklaýyn edaralaryň buýurmalary esasynda onlarça edara ediş binalary we 12 gatly 66 we 44 öýli ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Olaryň hemmesiniň birinji gatynda dükanlar ýerleşer. Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düzümine 600 orunlyk mekdepleriň ikisi, iki çagalar bagy, Saglyk öýi, söwda-dynç alyş merkezi, söwda we hyzmat merkezini özünde jemleýän 200 orunlyk iki köp gatly awtoduralga, durmuş hyzmatlary boýunça kärhana girýär.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynda hem ýanynda dükanlary bolan 12 gatly 66 we 44 öýli ýaşaýyş jaýlary gurlar. Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň aralygyndaky, Oguzhan hem 1971-nji (G. Ezizow) köçeleriniň aralygyndaky ulag ýollary döwrebaplaşdyrylar.

Şu ýyl Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysyny durmuşa geçirmek boýunça işler başlanýar. Onuň düzümine 280 desgadan ybarat iki gatly kottejler toplumy, 3, 4 we 12 gatly onlarça ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy, seýilgäh, dürli dükanlar girer.

Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumy paýtagtymyzyň ägirt uly gurluşyk meýdançasyny emele getirýär. Ol ýerde 9 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlary emele geler. Iri toplumda birnäçe mekdep, çagalar baglary, saglyk öýi we beýleki durmuş desgalary gurlar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň